WAGYZ-NESIHAT IŞLERI IŞJEŇLIGE BESLENÝÄR

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Beýik maksatlara ýetmek üçin, zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň!» diýip ýaşlara sargyt edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu sargydy durmuşyň her bir pursadynda, her bir ädimde ýaşlaryň ýol-ýörelgesi bolup, olary hyjuwly işlemäge we täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň we ilkinji guramalarynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň gymmatly sargytlaryndan  ugur alyp, öz işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar, wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleriniň netijeliligini gazanýarlar, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

     Özümiz hakdaky aladalardan ruhlanyp, şu günler edara-kärhanalarda, oba, şäher  geňeşliklerinde guraýan wagyz-nesihat çärelerimizde  hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzyň ösüşlerini, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler ýaşlara giňden düşündirýäris. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi wagyz-nesihat edýäris. Ýakynda etrap medeniýet öýünde bolan wagyz-nesihat maslahaty has-da täsirli bolup, oňa ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakda edýän bimöçber aladalary, döredýän giň mümkinçilikleridir şertleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna köp-köp sagbolsun aýtdylar.

 

Aşyrberdi AÝDOGDYÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA