Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň hem-de Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň bilelikde guramagynda küşt boýunça sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmak, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaklaryny gazanmak, küşt boýunça ökde çagalary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşa sport mekdebiniň küşt bölümüne gatnaýan uly we kiçi ýaşly türgenleriň 50-ä golaý gatnaşdy. Ýaryş gyzykly we çekeleşikli duşuşyklara baý boldy.
Ýaryşyň netijesinde uly ýaşly oglan türgenleriň arasynda Tirkeşmuhammet Garamämmedow birinji, Myratberdi Myratberdiýew ikinji, Parahat Ataýew üçünji orna, gyzlaryň arasynda Leýli Geldiýewa birinji, Gülnäz Adylowa ikinji, Mylaýym Toýlyýewa üçünji orny eýeledi. Kiçi ýaşly oglan türgenleriň arasynda Arslanmyrat Geldiýew, Aýnazar Garamämmedow, Abdylla Myradow, gyzlaryň arasynda bolsa, Näzik Adylowa, Eminegül Garamämmedowa, Aýşa Annasähedowa dagy degişlilikde baýrakly 1-2-3-nji orunlara mynasyp boldy
Ýaryşda ýeňiş gazanan türgenlere Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň hormat hatlary we TMÝG-nyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.