NESIL TERBIÝESI MAŞGALADAN BAŞLANÝAR

     Millilik düşünjesi  halkymyzyň süňňüne ornaşyp, asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip  gelipdir. Türkmen halkynyň milliligi onuň dilinde, edim-gylymynda, däp-dessurynda hem-de nesil terbiýesinde bolup durýar. Mahlasy türkmen halky  dünýä  halklarynyň  arasynda öz ar-namysy, aýal-gyzlaryna goýýan hormat-sylagy, nesillerini milli ruhda terbiýeleýşi  bilen tanalýar.  Baýdak  ýaly,  ar-namysly, maşgalasyna wepaly, şirin sözli, her bir maşgalanyň görki  zenanlarymyzyň  terbiýeläp ýetişdiren nesli geljegiň uzly, edepli, hakyky mert Watanyň gerçek ogul-gyzlarydyr.

     Halkymyzda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek her bir maşgala eýesiniň esasy borjy hasaplanylýar. Ene maşgalanyň, edep-terbiýäniň, geljekki döwrebap şahsyýetleriň ösüp ýetişmeginiň, jemgyýetiň işjeň agzalarynyň kemala getirilmeginiň esasyny dörediji hasaplanylýar. Häzirki zaman terbiýesiniň gözbaşynda bolan eneler we olaryň maşgala gurşawyndaky edep-terbiýäniň alnyp barlyşyna gatnaşyklary hem milli kökleriň çuňluklaryndan gözbaş alýar. Muny nusgalyk saýýan enelerimiz durmuşymyzda ojagymyzyň eýeleri, nesilleriň dowamat-dowam bolmagyndaky ýeke-täk gudratdyr. Ene perzendine topragyny, ýurduny, ilini-gününi, Watanyny goramagy ilkinji bolup öwredýän ynsandyr.

     Ene diýlende, gijesini ukusyz geçirip, mähir-muhabbetiň perzendine bagyş edýän üýtgeşik ynsan göz öňüňde janlanýar. Ene mähri çagany köp görnüşli täsirlerden gorap bilýän ynsandyr. Ogul-gyzyň kämillik ýaşyna ýetenden soň, asylly işleri edip, il-günüň derdine ýaramagy, halkyň ýokary bahasyna mynasyp bolmagy, durmuşda abraý-mertebeli bolup, maşgala ojagyna abraý getirip, maşgalanyň jemgyýetdäki sylag-hormatyny geljekki nesillere ýetirmegi - bular enäniň hyzmatydyr. Bu bolsa jemgyýeti kemala getirýän her bir maşgalanyň berk binýatly bolmagyny, sagdyn jemgyýeti şertlendirýär.

     Geljekki maşgala ojaklarynyň eýeleri bolan gyzlarymyzyň edepli-ekramly, jemgyýetiň işjeň agzalary bolup ýetişmeginde mährem enelerimiziň örän uly orny bardyr. «Oturşy-turşy edaly» türkmen gyzlarynyň maşgala durmuşyna taýýarlanylmagynda-da enäniň eýeleýän uly orny ykrar edilendir. Halkymyz öz döreden pähimlerinde enäniň gyzy terbiýelemekdäki ýokary ähmiýetli jogapkärçiligini durmuş bilen baglanyşyklylykda aňladypdyr. «Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de — biýzini», «Ýagşy ene ýagşy gyza görelde». Şeýle ýörelgeleri çelgi edinen mährem enelerimiz geljekki durmuşyndaky ýüze çykaýjak gatnaşyklaryndaky edep kadalaryny gyz çagalaryň edebine-terbiýesine siňdirýär. Ene durmuş eleginde elenen milli duýgy-düşünjesini eziz perzendine öwüt-ündew bilen geçirýär. Enäniň kalbyndan syzylyp çykýan, onuň ak süýdüne siňdirip, balasyna geçiren terbiýe ýörelgeleri, tutuş mähremlige eýlenen ruhy dünýäsi millilige ýugrulandyr. Hut şonuň üçin-de, döwrebap ýaşlary halkymyzyň geçmişine, medeni we edebi mirasyna, däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna hormat-sarpa bilen garamak ruhunda terbiýelemegiň berk binýadyny döretmek zerur bolup durýar.

 

Röwşen MAKSATMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA