WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki  jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň  mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmekde ýaşlaryň orny barada çykyş edildi. Çykyşlarda bellenişi ýaly, baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmakda, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda ýeneki tutumly işlere badalga bolar.

     Duşuşyga gatnaşanlar  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Merdan ÇARYÝEW,

TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA