Sanlyja günlerden ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenip geçiler. Bu senä häzirden ýokary derejede taýýarlyk görülmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanylan beýik özgertmeleri geljekde mynasyp dowam etjek ýaş nesil hakda ýurdumyzda hemmetaraplaýyn alada edilýändiginiň subutnamasydyr.
Şanly günlerde täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji jaňy kakylar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda-da Bilimler we talyp ýaşlar gününiň hem-de täze okuw ýylynyň dabaralaryna uludan taýýarlykly barylýar. Häzirki ajaýyp günlerde etrabymyzyň bilim bölüminiň garamagyna ýaş hünärmenleriň 174-siniň, şol sanda ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň 136-synyň, ýörite orta hünär okuw mekdeplerini tamamlanlaryň 38-siniň işe gelendigini bellemek diýseň ýakymly. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň işgärleri mekdeplerdir çagalar baglarynda zähmet ýoluna başlaýan ýaş hünärmenler bilen duşuşyp, olara uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli etrabymyzyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap orta mekdebiň açylyp, ulanylmaga beriljekdigi has-da guwançlydyr. Şu günler täze, döwrebap mekdebiň açylyş dabarasyna hem taýýarlyk görýäris. Ýaş nesil üçin döwrebap bilim-terbiýeçilik ojaklaryny gurdurýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Rejepgeldi ATAJANOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.