Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz şäher medeniýet merkezi, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde, birleşmäniň uly mejlisler jaýynda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň «Küştdepdi» türkmen milli sungatynyň YUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda ýer almagy mynasybetli, aýdym-sazly medeni çäre geçirdi. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň gadymy we baý milli mirasymyzy öwrenmäge, ösdürmäge we gorap saklamaga gönükdirilendigini, milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan halk döredijiliginiň bir görnüşiniň küştdepdidigini, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň «Küştdepdi» türkmen milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilmeginiň bolsa, küştdepdi aýdym we tans sungatyna dünýä derejesinde gyzyklanmanyň uludygyny görkezýändigini belläp geçdiler. Soňra bu ýerde çagalar tans toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Çärede milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä tanadan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Şirin HAÝTJANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.