ÝUNESKO-NYŇ DOLY HUKUKLY AGZALYGYNA KABUL EDILMEGINE 31 ÝYL BOLDY

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ata Watanymyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy - ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine 31 ýyl boldy.

     Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilip, eýýäm şol ýyldan başlap, onuň bilen milli derejede ýörite mehanizm ýola goýuldy. Bu mehanizmiň düzümi Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparyndan hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasyndan ybarat bolup durýar.

     Döwletimiz ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda guramanyň alyp barýan iş ugurlaryndan gelip çykýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmak babatda indi 31 ýylyň dowamynda yzygiderli we netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistan üçin ÝUNESKO-nyň çäklerinde özüniň örän baý taryhyny we milli medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmaga, ýurduň abraýyny has-da beýgeltmäge, bilim, ylym, medeniýet babatda iň öňdebaryjy we örän baý tejribelerden peýdalanmaga hem-de bu ugurlarda milli derejede gazanylan tejribeleri paýlaşmaga gönükdirilen giň mümkinçilikler açylýar.

     Hut şu mümkinçiliklerden ugur alyp, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň gurnamagynda ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO Klublarynyň ýolbaşçylary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ata Watanymyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli geçen döwür içinde gazanylan üstünlikler, amala aşyrylan işler, öňümizde durýan wezipeler, bu ugurda tutulýan belent maksatlara ýetmekde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary dogrusynda giňişleýin çykyşlara beslenen maslahaty geçirdiler.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlagy Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, zehininden we parasadyndan kemal tapan, Häzirki zamanyň ösen we amatly şäheri hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen bu maslahatda ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizmek üçin taýýarlanylýan Hödürnamalaryň mazmuny barada täze okuw ýylynda talyp ýaşlara giňişleýin wagyz etmek barada hem maslahatlaşyldy.

     Ýurdumyzyň köptaraplaýyn hödürnamalara gatnaşmagy we öz başlangyjy bilen köptaraplaýyn hödürnamalary öňe sürmegi döwletimiziň ÝUNESKO-daky işjeňligini aýdyň alamatlandyrýan ýagdaýdyr. Hyzmatdaşlyk diňe bir ýokarda agzalanlar bilen çäklenmän, eýsem, guramanyň maksatnamalaryna laýyklykda, beýleki ugurlary-da öz içine alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary bolan sanly tehnologiýalar, suw serişdelerini dolandyrmak, halkara sport hyzmatdaşlygy we statistika boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler ýola goýulýar.

     Maslahata gatnaşan ÝUNESKO Klublarynyň wekilleri: “ “Ýaşasyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan” diýip, Watanymyzy, halkymyzy jandan söýýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygymyzy dabaralandyrýan her bir gadamy biz ýaşlar üçin beýik nusgadyr. Şonuň ýaly-da “Ýaşasyn parahat durmuş” diýip, umumyadamzada parahatçylygy arzuwlaýan, bitaraplygy bagtymyza deňeýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň guran ak ýoly biz ýaşlar üçin şamçyragdyr” diýmek bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban we Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, agzybir halkymyzy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ata Watanymyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy - ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 31 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar!

     Goý, dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, umumyadamzat bähbitli, dünýäniň parahatçylygyny üpjün edýän döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

     Türkmenistan – ÝUNESKO: diýardan ýaýran ýollarymyz diňe üstünlere beslensin!

 

Ogulsabyr BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO Klubynyň

we institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy, uly mugallym.

Meňzeş habarlar