TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝUNESKO-NYŇ ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASY BOÝUNÇA OKUWA GATNAŞÝAR

     Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň wekilleri ÝUNESKO-nyň 2003-nji ýyldaky Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça Konwensiýasynyň sanawlaryna hödürlenýän işleri taýýarlamak babatda okuwlara gatnaşýarlar.

     Çäre Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde 20–23-nji awgust aralygynda geçýär. Gatnaşýanlaryň hatarynda Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri bar.

     Okuwlarda ÝUNESKO-nyň 2003-nji ýyldaky Konwensiýasy babatda «Maddy däl medeni miras» düşünjesine garalýar, şeýle hem hökmany goralmaga mätäç bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawy hem-de goramagyň öňdebaryjy tejribeleriniň görkezijisi ýaly guramanyň dürli sanawlarynyň aýratynlyklary öwrenilýär.

     Agzalan sanawlaryň aýratynlyklary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni mirasynyň gymmatlyklary arkaly görkezilen hödürlenýän işleriň mysalynda seljerilýär. Şeýle hem şu sanawlarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sazlaşyksyz çykyş etmekleriniň sebäplerini ýüze çykarmak we bilelikdäki köpmilletli hödürlenýän işleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

     Okuw maslahatynyň maksady ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň milli bilermenlerine ýokary hilli hödürlenýän işleri taýýarlamagy öwretmekden hem-de olarda zerur bolan başarnyklary ösdürmekden ybaratdyr. Bu bolsa hödürlenýän işleriň halkara derejesinde has netijeli görkezilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

     Çäre «Merkezi Aziýada Ýüpek ýoly mirasynyň geçelgeleri – medeni mirasyň Ýewropa ýylynyň halkara ölçegi» atly taslamanyň çäklerinde geçirilýär. ÝUNESKO-nyň Almatydaky sebitleýin edarasy, Gyrgyz Respublikasynyň milli topary hem-de ÝUNESKO-nyň 2003-nji ýyldaky Konwensiýasynyň ýanyndaky täjirçilik däl gurama hökmünde işleýän «Aýgine» medeni-barlag merkezi guramaçylar bolup çykyş edýärler.

 

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar