TÜRKMEN ÝAŞLARY BIŞKEK ŞÄHERINDE GEÇIRILÝÄN HALKARA MEÝLETINÇILER MEKDEBINE GATNAŞÝARLAR

     Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 12-16-njy awgusty aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlaryndan gelen meýletinçiler halkara mekdebine gatnaşýarlar.

     Bu çäre sosial, ykdysady, daşky gurşaw we beýleki meseleleri çözmekde meýletinçiligiň roluny ýokarlandyrmaga, meýletinçiligi goldamaga gönükdirilendir. Halkara mekdep guramalaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge we ýaşlaryň meýletin çärelere giňden gatnaşmagyna ýardam edýär. Çäräniň dowamynda ýurtlaryň arasynda meýletinçilik işi ugrunda tejribe alyşmak, meýletinçilik işi boýunça guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, durmuş, daşky gurşaw we ykdysady meseleleri çözmek üçin meýletinçileriň ähmiýetine ünsi çekmek, şjeň raýat jemgyýetiniň döremegi we ýaşlaryň meýletinçilik çärelere gatnaşmagy üçin şert döretmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

     Meýletinçiligiň ösmegi jemgyýetdäki köp sanly oňyn üýtgeşmelere goşant goşýar: birek-birege kömek etmek, sosial işjeňligi ýokarlandyrmak, adamlary we iş hyzmatdaşlaryny birleşdirmek we ş.m. Meýletinçileriň işi gatnaşyklary ösdürmäge, belli bir sosial endikleri kämilleşdirmäge we elbetde, şahsy durmuşda-da, jemgyýet derejesinde özüňi alyp barmagy özgertmäge kömek edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň görnüşlerini we tertibini, şeýle hem çärelerini kesgitleýän «Meýletinçilik hakda» Türkmenistanyň kanuny hereket edýär.

 

Selbi ATAJANOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň

baş hünärmeni.