Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti bilen bilelikde gurnamagynda halypa ýazyjy-şahyrlaryň we ýaş žurnalistleriň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy – türkmeniň ruhy dünýäsiniň çeper keşbi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Halypa ýazyjy-şahyrlar bilen çeper döredijilige gol beren ýaşlaryň arasynda geçirilen duşuşyk akyldar şahyryň ömri we döredijiligine, türkmen edebiýatynyň taryhyna, şygryýetiň inçe ýollaryna bagyşlandy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy, ýaşlaryň kitaba bolan höwesiniň artmagy we Magtymguly Pyragynyň pelsepewi garaýyşlarynyň, çuň many-mazmunly şygryýet äleminiň ylmy esasda öwrenilmegi babatda alnyp barylýan işleriň oňyn netijesi baradaky çykyşlar duşuşygyň esasy mazmunyny düzdi.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adamkärçilige eýlenen, halkymyz, bütin adamzat üçin ahlak kanunyna öwrülen öçmez-ýitmez goşgularynyň üstünden asyrlar geçenem bolsa, parlak ýyldyzlar ýaly ýagty saçyp, öz gymmatyny barha artdyrýandygyny buýsanç bilen bellediler hem-de Garaşsyz, baky Bitarap, asuda Diýarymyzda beýik özgertmeleri, täze başlangyçlary bilen ýurdumyzy öňe alyp barýan, türkmen edebiýatyny dünýä derejesinde wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maksatmyrat PÜRMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar
beriş bölüminiň esasy hünärmeni.