TÜRKMENISTAN KAŞGARDAKY HYTAÝ HARYT ÝARMARKASYNA GATNAŞÝAR

     Türkmenistanda öndürilen önümler Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde 16-njy awgustdan 20-nji awgust aralygynda geçirilýän «Kaşgar — Merkezi we Günorta Aziýa» Hytaý haryt ýarmarkasynda hödürlenýär.

     HHM-niň berýän habaryna görä, türkmen dokma we haly önümleri sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.

     Ýarmarka Merkezi we Günorta Aziýanyň sebitleri üçin eksporta gönükdirilen ykdysady strategiki meýdança döretmegi maksat edinýär. Söwda forumynyň maksady ykdysady, söwda gatnaşyklaryny yzygiderli giňeltmekden we çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr.

      «Kaşgar — Merkezi we Günorta Aziýa» ýarmarkasy oňa gatnaşyjylara hyzmatdaşlygyň möhüm netijelerini gazanmak üçin işewürlik gepleşiklerini, hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekmek, tehniki alyş-çalyş we ş.m. ýaly köp sanly hyzmatdaşlygy üpjün edýär.

     Çeşmäniň bellemegine görä, şu ýyl Kaşgar ýarmarkasynda gol çekilen şertnamalaryň umumy mukdary iň ýokary derejä ýetdi.

 

turkmenportal.com