ÝAŞLARYŇ HALKARA ARAGATNAŞYGY GIŇEÝÄR

     2024-nji ýylyň 16–19-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň we üç sany ýokary okuw mekdebiniň wekillerini öz içine alýan türkmen ýaşlar wekiliýeti Baýkal ýaşlar forumyna gatnaşdy. Esasy mowzugy «Durnukly ösüş maksatlary» bolan bu forum Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Baýkal kölüniň kenarynda geçirildi. Oňa Russiýanyň ýedi sebitinden we dünýäniň 13 ýurdundan 300-e golaý ýaşlar gatnaşdy.

     Bular ýaşlar jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeňleri, ýaş döwlet we ýerli häkimiýet gullukçylary, talyplar, döredijilik hünärleriniň wekilleri we telekeçilerdir. Baýkal ýaşlar forumy işjeň we zehinli ýaşlar jemgyýetiniň emele gelmegine, döwlet ýaşlar syýasatynyň häzirki meselelerini çözmäge gatnaşmagyna, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etjek halkara ýaşlar toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem dürli ugurlarda üstünlik gazanan ýaşlaryň ygtyýarlyklaryny ösdürmäge ýardam etmek maksady bilen döredildi.

     Baýkal ýaşlar forumynyň 2024-nji ýyldaky maksatnamasy tanymal adamlar bilen aragatnaşyk etmek, tejribe alyşmak, täze tanyşlar edinmek we öz taslamalaryňy işläp düzmek bilen doludy. Üç günüň dowamynda halkara ýaşlar toparlary watançylyk, meýletinlik, medeniýet we sungat, metbugat we dolandyryş ýaly bäş dürli ugurda iş alyp bardy.

     Ýaşlar, şeýle hem maslahatlara, okuwlara, işewür oýunlara, döwlet ýaşlar syýasaty, medeniýetler aragatnaşygy we jemgyýetçilik pikiriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar boýunça öňdebaryjy federal we sebit bilermenleriniň geçiren ussatlyk derslerine gatnaşdylar.

 

turkmenistan.gov.tm