BALKAN WELAÝATYNYŇ TELEKEÇILERI TARAPYNDAN 6 MILLIARD MANATLYKDAN GOWRAK ÖNÜM ÖNDÜRILDI

     Balkan welaýatynyň telekeçileri sebitde önüm öndürmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Welaýat boýunça şu ýylyň geçen ýedi aýynda öndürilen jemi 11 milliard 718 million manatlykdan gowrak senagat önümleriniň deň ýaryndan agdygy, has takygy, 6 milliard 462 million manatlykdan köpüsi döwlete degişli bolmadyk bölegiň paýyna düşýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

     Habarda bellenilişi ýaly, şunda hususyýetçiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 118,5 göterime çenli ýokarlandyrmagy başardylar. Bu görkeziji döwlete degişli däl bölekde nah ýüplük öndürmekde 115 göterim, süýt we süýt önümleri babatda 105,2 göterim, çörek we çörek önümleri boýunça 109 göterim, gök önümler boýunça 11 göterim ýokarlandyryldy.

     Balkan welaýatyndaky mallaryň, guşlaryň hem agramly bölegi hususy eýeçilige degişlidir. Gürrüňi edilýän döwürde bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynda bitirilen işleriniň 90 göterimden gowragy hususyýetçiler tarapyndan amala aşyryldy. Bu görkeziji pul hasabynda 4 milliard 598 million manatlykdan-da artyk bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, gazanylan ösüş depgini 112 göterim artdyryldy.

     Geçen orak möwsüminde taýýarlanan azyklyk bugdaýyň hem deň ýaryna barabary welaýatyň hususy kärhanalarynyň, daýhan hojalyklarynyň paýyna düşýär.Hususy pudakda gazanylýan üstünliklerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň alyp barýan wagyz-nesihat işler hem oňyn netijesini berýär. Häzirki wagtda partiýa agzalarynyň sany 4 müňe golaýlaýar diýlip, habarda bellenilýär.

 

turkmenportal

28.08.2024 ý.