USSADYM

«Türkmenler baglasa bir ýere bili,

Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili».

Magtymguly Pyragy

Türkmenler baglaýyp bir ýere bili,

Bu gün dünýä içre adygyp barýar.

Abraýyn, şöhratyn ýaýyp jahana,

Bedew bady bilen bat alyp barýar,

Taryhda zer bilen at alyp barýar.

 

Kalpda ýa:şan arzuwlaryň kök urup,

Dostluk hakda aýdym-gazal köpelip,

Bu gün gözde bagt ýaşyny kepedip,

«Diňe öňe» diýip, bat alyp barýar,

Taryhda zer bilen at alyp barýar.

 

Ussadym duýýaňmy saba ýelleri —

Asudalyk mukamyna heň beren.

Arzuwyny hasyl edip hemmeleň,

Watanmyz geljege bat alyp barýar,

Taryhda zer bilen at alyp barýar.

 

Köpetdagdan buýsanç bilen bakýaňmy,

Şäherem — Gün, Günem gökden çykýarmy,

Alkyş derýa suw-sil bolup akýarmy?

Arkadagly Diýar bat alyp barýar,

Taryhda zer bilen at alyp barýar.

 

Aýjahan ANNABAÝEWA,

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň bölüm redaktory.

Öňki makala

GÖZLERIŇ

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2025 | 63 okalan

MÄHRIBAN WATANYMYŇ PARAHATÇYLYK MUKAMY

24 Sentýabr 2025 | 225 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 212 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA