PEDER PENDINE EÝEREN USSAT

     Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynda uly yz galdyran nusgawy şahsyýetleriň biridir. Ol parasatly şygyrlarynyň üsti bilen türkmen halkyny agzybirlige, jebislige, özara ylalaşykly ýaşamaga çagyrypdyr. Şahyryň şygyrlarynyň çuň mazmunly, çeper bolmagynda onuň pederi, ilkinji halypasy Döwletmämmet Azadynyň hyzmaty uludyr.

     Döwletmämmet molla Magtymgulynyň bilim-sowatly bolmagy üçin tagalla edip, oňa yslam dini, beýleki ylymlar baradaky düşünjelerini artdyrmagyň inçe ýollaryny öwredipdir. Ol diňe bir öz perzendiniň däl, eýsem, obadaşlarynyň hem sowatly, ylym-bilimden habardar bolmagy üçin uly işleri bitiren şahsyýetdir. Azadynyň atalyk borjuny ýerine ýetirip, Magtymgula adamzadyň ömür menzillerinde duş gelýän aňrybaş ahlak hem-de akyl terbiýesini bermekde uly aladalar edendigini onuň şygyrlaryndan duýmak bolýar. Döwletmämmet Azady türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran kämil eseri «Wagzy-azatda» hem nesil terbiýesi hakynda gymmatly pikirlerini beýan edipdir.

     Ussat şahyryň «Oglum — Azadym» atly aýdyşyk goşgusynda ilkinji halypasy bolan Döwletmämmet Azada goýýan çäksiz hormaty, belent sarpasy aýdyň duýulýar. Magtymguly öz bilimini, sowadyny kämilleşdirmek üçin gaýry ýurtlaryň medreselerine gitmek isleýär, emma kakasy ilkibaşda onuň gitmegine razy bolmaýar. Şol goşgy setirinde Azady:

Bizi beýle niçik terk edesiň bar?

...Gel, gitmegil, oglum, çoh terhosym bar —

     diýip belleýär.

Jepa urma özüň, çagyr Möwlany,
Arzuwlama hany, begi, soltany.
Besdir bize owwal Taňry bereni,
Aldyrma köňlüňni, gitmegil, oglum —

     diýen setirlerinde bolsa Döwletmämmet molla ýagty jahandaky genji-hazynanyň, mal-mülküň, egsilmez baýlyklaryň tükeniksizdigini aýdyp, zürýadyna ylym-bilim, sowat almaga päsgel döredip biläýjek meýillerden daşda durmagy ündeýär. Magtymguly hem:

Gidenmiz ýok alty bile, bäş bile,
Seýran etsek niçe deň-u-duş bile.
Meger şonda gamgyn köňlüm hoş bola,
Köňül galkar, karar etmez, Azadym —

     diýip, özüni ýurtlaryň baýlyklarynyň gyzyklandyrmaýandygyny, şol ýurtlaryň parasatly danalary bilen söhbetdeşlik edip, berjek maslahatlary bilen kanagatlanyp, olaryň döredijiligini öwrenip, özüni kämilleşdirip, göwnüni hoşlajakdygyny düşündirmäge çalyşýar. Ahyrsoňunda Azady perzendiniň sowadynyň öňünde böwet bolmak islemän:

Azady diýr, bile sapa süreli,
Eýsem ibereli, synap göreli,
«Amin» diý, tur, oglum, pata bereli,
Bir Taňry ýar bolsun saňa, git, oglum —

     diýýär-de, sapara kimi ýoldaş tutunmalydygyny, duş geläýjek garakçylardan ägä bolmagyny sargap, haýyrly nesihatlarydyr öwütleri bilen şägirt ogluna ak pata berýär.

     Döwletmämmet Azady, takmynan, 1760-njy ýylyň martynda 60 ýaşynda aradan çykýar. Magtymguly öz pederini ýitirmegi zerarly çekýän hasratyny «Atamyň» diýen elegiýasynda beýan edýär.

     Iň mähriban ynsanlaryna bagyşlap ýazan «Kaýda sen» atly şygrynda bolsa şahyr özüne arka duran ynsanlaryň – ilki ejesiniň, soňra bolsa kakasynyň dünýäden ötmeginiň örän agyr ýitgi bolandygyny, şeýle agyr ýagdaýyň daglaryň başyna gelen bolsa, hatda daşlary hem eredip biljekdigini ussatlyk bilen ýazýar.

     Bu günki gün ilkinji halypasy Azadynyň parasatly peder hökmünde beren asylly terbiýesini baýdak edinen beýik şahyryň döredijiligi ýaşlary halallyk, ýokary ahlaklylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär.

 

Mekan HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri.

«Türkmenistan» gazeti, 22.08.2024ý.

Öňki makala

USSADYM

Indiki makala

PARAHATLYK MEKANY

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 92 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 715 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER