Parahatlyk Watany sen, Diýarym,
Sende wysal bolýar arzuw-hyýalym.
Görüp döwri, görüp röwşen çyragy,
Bu gün tirsegine galdy Pyragy.
Baş atyp ýylgyrdy, diýdi: «Älhepus,
Özgeripdir türkmen ili gör, nepis.
Gök asman arassa, ysy ýok däriň,
Bagtyýar döwranda ýaşaýaň baryň».
Onsoň şahyr köňli biraz dynç aldy,
Uludan dem alyp, ýürek ynjaldy.
Soňra göge galdy, beýikleň-beýgi,
Zemine çaýdy-da zerewşan söýgi.
Şol zerewşan söýgi mähre öwrülip,
Türkmene ýaýrady Hakdan nur bolup.
Berkarar döwletim boldy bagtyýar,
Bu türkmeniň ajap täji-tagty bar.
Howandar ýaşadýar öz saýasynda,
Halkyny göterip el-aýasynda.
Döwran joşýar Hak hossarly ýurdum sen,
Şöhle saçyp duran baky nursuň sen!
Beýik şahyryna sarpaly Watan,
Galkynyş döwürli erteli Watan.
Ýylgyryşlar bagtlylykdan alamat,
Arkadag Serdarly ýollar dowamat.
Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA