Meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatow tarapyndan: «Türküstanda XVIII asyr Magtymgulynyň poeziýasynyň asyrydyr» diýlip, döredijiligine juda uly, örän jaýdar baha berlen şahyryň ýaşan döwri bizden barha daşlaşýar. Ýöne döwür näçe daşlaşdygyça, şahyr öz mähriban halkyna barha golaýlaşýar.
Türkmeniň ak öýi. Ulusy uly, kiçisi kiçi ýerindedir. Ol ýerde sylag-hormat, edep-ekram, ar-namys bardyr. Maşgalada bir agza bakylýandyr, bir adamdan sapak alynýandyr. Ol ak öýüň ýaşulusydyr. Telim gary basgylan adamdyr, uzak ömrüň ajysynam, süýjüsinem görendir. Az geplär, ýöne uz geplär. Durşy bilen akyldyr, alanyň, ýüregiňe ýazyp goýanyň özüňkidir. Könelerimiz garryly öýi gazna deňäpdirler. Magtymguly-da ýaşuly, ýöne ol bir ojagyň däl-de, külli türkmeniň ýaşulusy. Hut şeýle bolany üçin hem, onuň XVIII asyrdan bäri uzap gaýdan şygyr ýoluna ot bitenok...
Erenler tarapyndan ak pata berlip, «Ýeriň damaryna ýel bolup ýüwren...» şahyryň ýüregi gursagyna syganok. Dünýä akyl ýetirip bilşi babatda öz döwürdeşlerinden telim asyr öňe gidip, hatda özüne-de nämälim duýgularyň içinde gezip ýören şahyr:
...Halk içinde däli bolup galyp men.
...Hemdem bolup, içgin-içgin sormaýan,
Näbilsin bir görüp gitse daşymdan —
diýýär.
Bu çölde rehm eýle garyp halymga,
Älemni ýaratgan, Subhan, şypa ber! —
diýip, keremli Allatagaladan medet dileýär.
Pelsepeçi Platon: «Şahyr akyly göçen hem-de özüni ýitiren ýagdaýynda döredip bilýär» diýipdir. Magtymgulynyň goşgulary onuň özi bilen ikiçäk mahalyndaky oýlanmalarydyr, çeken ruhy ezýetleridir, begenjidir, gynanjydyr, nalasydyr, arzuwydyr. Ýöne olar aýratyn bir ynsanyňky bolsa-da, tutuş adamzada degişli bolansoň, çar ýana ýaýrapdyr.
Magtymguly özüne çenli halk durmuşynyň daşynda bolup gelen şygryýeti halk durmuşynyň içine getirýär. Şahyryň goşgularynyň turuwbaşdan türkmenleriň arasynda aýratyn gyzyklanma döredendigi öz-özünden düşnüklidir. Sebäbi onuň edebiýat dünýäsine gelmegi bilen, täze görnüş, täze poetiki serişdeler, halky paýhas, halky dil geldi. Çeper edebiýatda dowam edip gelýän köneçe usul-tär bilen adamyň içki dünýäsini açyp görkezip bolmaýandygyna düşünen Magtymgulynyň ýürekden çykan owazy ýüreklere ornaşýar.
«Söz» hem-de «şahyr» düşünjelerini keramat derejesine götermek Magtymgula kemsiz başartdy. Gadymy greklerde «Halkyň sesi — Hudaýyň sesi» diýen aýtgy bar eken. Magtymguly halkyň sesini şahyryň sesine öwürýär. Türkmen öz begenjini, gynanjyny, söýgüsini, gazabyny, mähir-muhabbetini Magtymguly şahyryň sesi bilen beýan edipdir. Bu biziň zamanamyzda-da şeýle.
Onuň döredijiliginde ynsan ömrüne, ynsan durmuşyna uly üns berilýär. Şahyr adamy belende göterýär, dünýäde onuň bilen bir hatarda, durup biljek başga bir zadyň ýokdugyny öwran-öwran nygtaýar. Ynsan — iň ýokary gymmatlyk. Onuň mertebesini toplan baýlygy, jemgyýetde eýeleýän orny däl-de, eýsem, ruhy baýlygy, içki dünýäsiniň gözelligi, töweregindäkiler bilen gatnaşygy kesgitleýär. Adamy söýmek, hormatlamak, mätäç mahaly ýoldaşlyk goluny uzatmak Magtymgulynyň baş şygary bolupdyr.
Mähriban kakasy Döwletmämmet mollanyň ýurduny täzelemegi şahyr üçin uly urgy bolýar. Ol:
Şekerlikden zäher boldy sözlerim,
Zagpyran dek sargarypdyr ýüzlerim,
Kuwwat gitdi, gubarlandy gözlerim,
Münberim azany — Azadym kany? —
diýip, ýürek nalasyny dile getirýär. Döwletmämmet molla diňe bir öz oglunyň ruhdaşy, namys-imany bolman, eýsem, il-günüňem syrdaşy, maslahatçysy, zybany bolan adam. Magtymgulynyň döredijiliginiň özeninde «Dünýä näme?», «Adam kim?» diýen sowallar bolup, şahyr oňa töwerekleýin çemeleşýär. Megerem, adam hem onuň dünýädäki orny hakdaky meseläniň şeýle yzygiderli işlenilmegine tutuş ömrüni halallykda geçiren, «agyr döwletlere köňül goýmadyk», «esgi şaldan artyk puşeş geýmedik» Döwletmämmet mollanyň durmuşy, häsiýeti, keşbi itergi beren bolsa gerek.
Türkmen edebiýatynda hakyky adamkärçilik şygryýeti Magtymguludan başlanýar diýesiň gelýär. Onuň bir goşgusyndaky: «Asly adamzada ajy söz urma» diýen nakyla öwrülen setir şahyryň tutuş döredijiligine ýalkym salyp duran çyragdyr. Şeýlelikde, beýik şahyr gözellik, mertebe, ynsanperwerlik, söýgi, dostluk, ar-namys düşünjeleriniň many-mazmunyny täzeden açyp, jemgyýetiň belentligine göterýär.
Watanymda han idim,
Hanlara perman idim,
Dertlere derman idim,
Misgine dükan idim,
Jansyzlara jan idim,
Neýleý, indi biçäreýem... —
diýen ýaly okaýanyň kalbyny heýjana salýan setirlerden ybarat «Pukaraýam» goşgusynda — «gözsüzleriň gözi», «lallaryň sözi», «il-günüň ýüzi», «Hatam Taýyň özi...» bolan şahyryň keşbi göz alnyňda janlanýar. Ol ömürboýy pikirlerini, duýgularyny syntgylap-syntgylap, merjen-zümerret derejesine ýetiripdir. Magtymguly dünýäden hiç zat tamakin bolman, diňe döredipdir, döredipdir, döredipdir. Şeýdibem, ýagty jahanda telim ömre ýetjek işleri bitiripdir. Dünýä meşhur dramaturg Uilýam Şekspiriň döredijiligine bagyşlanan ylmy kitaby okap otyrkam: «Iňlisleriň durmuşyndan ýekeje zadyňam onuň ýiti nazaryndan sypmandygyna hut haýran galaýmaly» diýen jümläniň üstünden bardym. Bu sözleri türkmenleriň durmuşy bilen baglylykda, Magtymguly hakda-da arkaýyn aýtsa bolar. Milli şahyra öwrülmek, «ismim düşdi ilden-ile» diýip, ynamly aýtmak Magtymguludan başga hiç bir şahyra başartmady.
Özbekler, gazaklar, azerbaýjanlar, garagalpaklar Magtymgulyny tas öz şahyry derejesinde apalaýarlar. Bu, näme, ýöne ýerdenmi? Geçen asyrdan bäri, Magtymgulynyň goşgulary dünýäniň näçe halkynyň diline terjime edildi? Bizi juda begendirýän bu iş häzirem dowam etdirilýär. Bu, näme, ýöne ýerdenmi? Elbetde, ýöne ýerden däl, bu şahyryň şygryýetinde milliligiň, halkylygyň güýçlüdigi üçin şeýle. Onuň şu iki alamat arkaly türkmeniň ýüregini açyp bilendigi üçin şeýle. Halkyň ruhy bolmasa, halky şygryýet-de bolmaýar! Şahyr Berdinazar Hudaýnazarow: «Zulmatly asyrda adamlaryň adamkärçilikli, halkyň bagtly bolmagy üçin Magtymguly ýaly on iki süňňi bilen diş-dyrnak bolup söweşen, adalatyň ugrunda Magtymguly ýaly çarp uran, iliň agysyna Magtymguly ýaly bagryny paralan başga bir sahawatkerdäni tapmak kyn. Magtymguly biziň edebi dilimizi hem-de milli şygryýetimizi kämil ýola gönükdirdi. Bu taryhyň hem-de halkyň öňünde edilen beýik hyzmatdyr» diýipdir.
Biziň asyrymyzda-da: «Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn», «Magtymguly atamyz aýdypdyr ahyry», «Magtymguly atamyza gulak goýalyň...» ýaly, yzy goşga sapyp gidýän sözler adamlaryň dilinde. Magtymgulynyň ady tutulan mahaly adamlaryň bir gulaga öwrülmeginde, elbetde, hiç hili geň-taňlyk ýok, sebäbi ol dünýäni söze sygdyrmagy başaran şahyr!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň ruhy ösüşinde täze döwri açan akyldar şahyryň mertebesi has-da belent tutulýar. Şu ýyl ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede uly toý-baýramlara beslenýär.
Uniwersitetde okaýan döwrümiz tanymal edebiýatçy alym, beýik şahyryň goşgularyny çapa taýýarlan, döredijiligine degişli ençeme ylmy makaladyr kitap ýazan Baýmuhammet Garryýew her gezek täze tema geçmezden ozal, hökman Magtymgulynyň bir goşgusyny ýa-da goşgularyndan bentleri ýatdan aýdyp, olaryň manysyny düşündirerdi. Ol bir gezek: «Ýaz, tomus aýlary obamyzyň mollasy kölegä üýşen adamlara Magtymgulynyň goşgularyny okap bererdi. Onuň gaty üýtgeşik owazy bardy, henizem gulagymda ýaňlanyp dur. Biz — oglanjyklar adamlary synlap, olaryň bolşuna geň galardyk: biriniň ýaňagyndan ýaş syrygardy, biri tarsa ýokary galyp, ýene-de aşak çökerdi, biri dodagyny dişläp, başyny ýaýkardy, biri ýüzüni sallap oturandyr... Hiç kimden ses-üýn çykmazdy. Olar Magtymgulynyň şeýle sözleri tapyp bilşine haýran galardylar. Uly adam bolup ýetişip, indi özümiz Magtymgula ömürboýy haýran galyp ýörüs» diýipdi. Hawa, Magtymgulynyň goşgulary düýn adamlary haýran galdyrypdy, şu günem haýran galdyrýar. Ertirem haýran galdyrar. Sebäbi onuň şygryýeti — hakykatyň şygryýeti.
Amanmyrat KIÇIGULOW.
«Türkmenistan» gazeti, 28.08.2024ý.