«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň arzuwlan berkarar döwletiniň sarsmaz binýatlarynyň berkdiginiň nyşany bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly taýýarlyk görülýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýäde dabaralanýan ýylynda geçiriljek döwletli maslahat milli ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygynyň, akyldar şahyryň pähim-paýhas — pelsepe mekdebiniň täzeden galkynýandygynyň nyşany bolar.
Türkmenleriň döwletli işi geňeşli, uly jemagat bolup maslahatlaşandygyny, geňeşe uly ähmiýet berendigini Magtymguly atamyzyň eserlerindäki «Ärler geňeşi», «Uly jemagat», «Uly geňeş» ýaly sözleriň ýygy-ýygydan gaýtalanýandygynda, nesihat almak, ile maslahat salmak hakynda öwüt-ündewlerinde görýäris. Akyldar şahyr «Geňeş bergil deňe-duşa», «Beglermiz kylar geňeşi», «Ýagşylar geňeşin tutan», «Takdyrdan daş çykmaz geňeş taslasa», «Goç ýigide toýdur-baýram / Her iş gelse il biläni» ýaly setirleriniň üsti bilen geňeşli biçilen donuň gysga bolmaýandygyny, «Geňeşli ýerde kemlik ýok», «Geňeşene giň dünýä» diýen halk paýhasyny beýan edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Hawa, halkyň ykbalynyň çylşyrymly pursatlarynda hem: «Depä çyk-da seret, iliň ugry hanjak (nirä) bolsa, senem şo ýana git», «Il bilen gelen — toýda-baýram», «Dinden çyksaň çyk, ilden çykma» diýilýär. Bu köpçüligiň geňeşip gelen netijesine adalatly garaýyşdyr.
Bir däl-de, birnäçe netijäniň seljerilmesidir. Bu ýerde esasy pikir: «Il aýtsa, galp aýtmaýar» diýen has düýpli netijede ykrar edilýär...
Il-ulus agzybir bolanda, döwlet kuwwatly, ýurt asudadyr.
Agzybirlik il-halkymyzyň owal-ahyr ygrarly, tutuş durmuşynyň manysyna öwren ýörelgesidir» diýip belleýär.
Köpi gören ýaşululara sarpa, ulyny sylamak, kiçini söýmek edebi Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda eriş-argaç bolup geçýär:
Ne ajap elwanlar süren,
Ýagşy-ýaman — baryn gören,
Bizler bilen hemra ýören
Aksakallar, bak, danadyr.
«Beg, töre, aksakal ― ýurduň eýesi» diýen sözlerden görnüşi ýaly, «Türkmeniň» goşgusynda hem ýaşuly nesle aýratyn hormat beýan edilýär. Bular barada türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Döwlet guşy» romanynda şeýle diýilýär: «Türkmenler köp işleriň başyny geňeş bilen tutupdyr. Şol geňeşlerde ýa bir adamyň ýa-da tutuş iliň ykbaly çözülipdir. Geňeşe, esasan, iliň ýaşululary, han-begleri ýolbaşçylyk edipdir. Olar meseläni orta atyp, iliň pikirini jemläpdir. Kähalat geňeşilýän mesele hakynda iki pikir ýüze çyksa, haýsy tarapyň sesi köplük bolsa, şolaryň gepi sana geçipdir».
Dana şahyr maslahata, geňeşe uýmazlygy ýazgarýar, geňeşsiz işiň aňsat oňuna bolmaýandygyny nygtaýar:
Namart maslahata, geňeşe uýmaz,
Namardyň her işi aýandyr, begler!
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň geljeginiň ýaşlarymyz bilendigini, olaryň ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydygyny, şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidigini aýratyn nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakyndaky syýasaty Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň, ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan çuňňur pähim-parasatlaryndan ugur alýar. Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserleri, döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaşlar üçin durmuşyň her bir pursatynda çelgi bolup, Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýet bolmagyň beýik nusgasyny salgy berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlislerinde kabul edilýän çözgütleri durmuşa geçirmekde, öňe sürlen başlangyçlary goldamakda we olaryň ähmiýetini wagyz etmekde ýurdumyzyň ýaşlary hem öňdäki hatardadyrlar. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitapda nygtalyşy ýaly, halkymyz, Watanymyz, Döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy zehinlerimize ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr. Döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, рarahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.