DÜNÝÄ AÝAN PYRAGY

Ak arzuwlaň şalygyna beýik soltan Pyragy,

Arşyň-kürsüň degresinde dünýä aýan Pyragy,

Pähim-paýhasyň ummanyn munda boýlan Pyragy,

Hakykatyň, halallygyň ýolun saýlan Pyragy,

Ýurdumyzda berkararlyk ýoly dowam Pyragy,

Sarpalanyp üç ýüz ýyllyk toý toýlaýar Pyragy.

 

Gül-lälä bürenmiş bu gün Jeýhun-Hazar arasy,

Baky bahary düşledýär ýurdumyň dag-deresi,

Bir suprada jem halkymyz, paýhasly goja, töresi,

Ynsana terbiýe mekdep kitaplarynyň barysy,

Atsa-da arka üç asyr şahyrlaryň seresi,

Sarpalanyp üç ýüz ýyllyk toý toýlaýar Pyragy.

 

Synlap otyr gül Diýary Köpetdagyň deňinde,

Arkadagyň eserinde galdy has-da belende,

Sözleri sena bolup ornady her köňülde,

Seýil etseň bu jahana baýram munda, toý munda,

Hezzet edip dostdyr ýary jemläp otyr goýnunda,

Sarpalanyp üç ýüz ýyllyk toý toýlaýar Pyragy.

 

Geljegi nurly Watanyň şöhratlydyr taryhy,

Dahan içre asal ezip, bezäp otyr taryhy,

Eserlerde emaý bilen sünnälenýär tarypy,

Görelde alýar şahyrdan dünýäň alym-aryfy,

Türkmeniň beýik danasy, ynsanyýetiň şahyry,

Sarpalanyp üç ýüz ýyllyk toý toýlaýar Pyragy.

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli

dünýä dilleri institutynyň magistranty,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 95 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 718 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER