GÖRÜNER (Nezire)

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry ” atly bäsleşigine

Seýil edeliň bu Diýara,

Diýarda näler görüner.

Eziz Arkadag gurduran,

Ajap binalar görüner.

 

Topragy bar altyn-zerli,

Daýhany bar – maňlaý derli,

Daglary nurdan keremli,

Gaýalar, zawlar görüner.

 

Ýalkanandyr ozal Hakdan,

Bagt guşy göçmez bu halkdan,

Taryhyn sorasaň wagtdan,

Alp ärler, hanlar görüner.

 

Çaglan, gözel dünýä, çaglan!

Çüwen döwrüdir ykballaň,

Dünýä rowan ýüpek ýollaň,

Bossanly baglar görüner.

 

Beýige pes hiç kär etmez,

Pes beýigi ykrar etmez,

Başlaryndan gary gitmez,

Haýbatly daglar görüner.

 

Başymyzyň täji Watan,

Atalar ýurt diýip öten,

Beýik-beýik maksat tutan,

Ogullar, gyzlar görüner.

 

Ýaraşar sözleriň uzy,

Baky gelen bahar-ýazy,

Hasyl Pyragyň hyýaly,

Bir ajap çaglar görüner.

 

Zyýada ÝUSUBOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

“Arkadag” gazeti. 02.05.2024ý.

Öňki makala

DÜNÝÄ AÝAN PYRAGY

Indiki makala

ÜÇ ASYRYŇ GÜNEŞI

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 108 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 727 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER