Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” atly bäsleşigine
Bu Zemini gurşap almyş ýalkymy,
Magtymguly — üç asyryň Güneşi.
Pähim bilen çoýdy dünýäň halkyny,
Magtymguly — üç asyryň Güneşi.
Şol pähimde adalatyň ak ýoly,
Şol pähimde sahawatyň päk ýoly,
Şol pähimde ynsanýetiň ykbaly,
Magtymguly — üç asyryň Güneşi.
Ol Güneş bir gudrat bilen dörändir,
Onyň nury paýhas siňen kelamdyr,
Şol kelamam bu gün dilde senamdyr,
Magtymguly — üç asyryň Güneşi.
Ol kalplara baky ýagtysyn salar,
Ýyllar geçdigiçe belende galar,
Ynsana ebedi şamçyrag bolar,
Magtymguly — üç asyryň Güneşi,
Bedew batly Galkynyşly eýýamda,
Gudratly sözleri çar ýan ýaýranda,
Paýhasyna dünýä ýüzi haýranda,
Magtymguly — üç asyryň Güneşi,
Zyýada ÝUSUBOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
“Bereketli toprak” gazeti. 04.05.2024ý.