TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY — BEÝIK GELJEGIŇ BINÝADY

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny we ornuny belende göterýän derejedir. 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde ykrar edilmegi, türkmen halkynyň parahatçylyga, dost-doganlyga hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyga bolan belent garaýyşlarynyň beýanydyr.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Oba hojalygyndan başlap, senagat, ulag-aragatnaşyk, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň durnukly ösüş ýolunda öňe barýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem uly itergi berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 50-ä golaý halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar we 150-den gowrak konwensiýa hem-de ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşýar. Bu bolsa döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde ynamly ädimler bilen öňe barýandygyny görkezýär.

Her ýylyň 12-nji dekabrynda uludan bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni, parahatçylyk, hoşniýetlilik we dostluk düşünjeleriniň ähmiýetini dünýä derejesinde dabaralandyrýan möhüm senedir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi biziň döwletimiziň beýik geljeginiň, dünýäde parahatçylykly hem-de ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň berk binýadydyr.

Sülgün AGAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar