BITARAPLYK — BAKY BUÝSANJYMYZ

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda egsilmez bagta eýe bolan türkmen halky şanly Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlaýar. Baky Bitaraplygymyz parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halkara hem sebitara bähbitli gatnaşyklary ileri tutýan ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da pugtalandyrýar.

Oňyn Bitaraplygyň esasynda ýurdumyz sebit we dünýä ýurtlarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Häzirki wagtda Bitarap döwletimiz dünýäniň abraýly iri halkara guramalary, ýagny Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de dünýäniň ençeme ýurtlary bilen ýola goýlan ygtybarly gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde mähriban Diýarymyz dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan döwlet hökmünde tanalýar.Paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň halklaryň arasynda uly ynama eýediginiň aýdyň nyşanydyr.

Bitaraplyk halkymyzyň kalbynda ornan ynamyň, asudalygyň we geljege bolan ynamynyň nyşanydyr. Baky Bitaraplygymyz abadançylygy we asudalygy berkarar edip, ýurdumyzyň ylalaşdyryjy merkez hökmünde täze belent derejelere eýe bolmagyny şertlendirdi. Bitaraplyk türkmen diplomatiýasynda döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň nyşanydyr.

Türkmen halkyny ösüşler bilen öňe alyp barýan, onuň abraýyny belende galdyrmakda parasatly we üstünlikli syýasaty alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Dinara KARIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Oktýabr 2025 | 23 okalan

BITARAPLYK — BAKY BUÝSANJYMYZ

17 Oktýabr 2025 | 85 okalan

PARAHATLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR