Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň aňyrsyna göz ýetmeýän ummana deňelmegi ýöne ýerden däl. Şahyryň goşgularyny okap, manylaryny çözleýän her bir adam ol goşgularda dürli temalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar, durmuşda hem gabat gelýän dürli çylşyrymly sowallaryň çözgütlerini Pyragynyň setirlerinden tapmak bolýandygyna göz ýetirýär. Şahyryň köptaraply döredijiligi, halkymyza miras galdyran ajaýyp şygyrlary, dürdäne setirleri diňe bir türkmen halkyna däl, umumy adamzada niýetlenendir. Magtymguly atamyzyň durmuşdan çeper meňzetmeler, dürli mysallar getirilen,öwüt-nesihat temasyndaky ýazan goşgularyny okan adam şol goşgynyň many-mazmunyny seljerende biygtyýar halda şahyr bilen söhbetdeşe öwrülýär. Şonuň bilen bir wagtda bolsa öz durmuşy, geçen ýoly, gelejegi barada çuň oýlanmaga mejbur bolýar. Mysal hökmünde şahyryň aýdyma öwrülen «Adamzat» diýen goşgusyny alyp göreliň. Goşgynyň şeýle bendi bar:
Günäden gorkmagan ruýy- syýadyr,
Munuň maglum güni ruzy-jezadyr,
Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,
Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat.
Juda dana pikirlere eýlenip, çeperlik bilen ýazylan bu bentde şahyr halkyň halamaýan, agyr işleri etmekden saklanmaklygy, her bir agyr günäniň hökmany ýagdaýda jezasynyň bardygy, «günäden gorkmagan ruýy-syýadyr» diýmek bilen, günä iş etmekden gorkmaýan adamyň «ruýy-syýa» «ýüzi gara» bolýandygyny, günä işleriň soňunyň erbet netijelere getirýändigini, her bir edilen agyr günäniň jezasyz galdyrylmaýandygyny nygtaýar. Şeýle hem bendiň soňky iki setirinde adama öz ykbalyna kaýyl bolup, her bir gününe, Allanyň beren rysgyna sabyr-kanagatly bolup ýaşamaklygy sargaýar. Öz durmuşyndan razy bolup, şükür edip ýaşaýan ynsanyň dünýäde iň bir bagtly adamdygy, öz ykbalynyň eýesi bolmalydygy, gara nebsiň guluna öwrülmän, nebsini öz guluna öwren adamyň öz erkiniň, ykbalynyň şasy hasaplanylýandygyny habar berýär.
Şeýle hem bu goşguda adam ömrüniň möwsümleýindigini ynsanyň kämilliginiň çäginiň ýokdugyny, munuň üçin çaga ýaşlykdan ýagşy edep-terbiýe bermekligi ündeýär. Adamyň ýaşlyk döwrüniň geçeninden soňra ýaşlykda öz eden işlerine özüniň haýran galýandygyny, nädogry eden hereketlerine ökünýändigini, emma ökünjiň, puşmanyň peýdasynyň ýokdugy ýaňzydylýar. Goşgynyň soňky bendi:
Akyl et jahanyň ruhyn, röwüşin,
Ygtybar etmegin dünýä duruşyn,
Magtymguly, ýagşy görerdi işin,
Kyrkdan soň jahyl bolsa adamzat
– diýlip jemlenmek bilen, bu dünýäniň ötegçidigini, ötüp barýan pursatlaryň hiç dolanyp gelmeýändigi, şonuň üçin hem her her bir pursady, her bir güni diňe ýagşy işlere sarp etmelidigi, yrýa edilen pursatlaryň gaýdyp berilmeýändigi hakda aýdylýar. «Magtymguly, ýagşy görerdi işin, kyrkyndan soň jahyl bolsa adamzat» diýip adamzadyň iň ýagşy döwrüniň ýaşlyk döwrüdigini, bu döwürde bar güýjüňi, gujur-gaýratyňy ýagşy işlere sarp etmeklige ündeýär. Çünki adam dünýäden ötensoň hem onuň eden ýagşy işleri galýar. Ady ýagşy işleri bilen agzalýan, ýagşylykda ýatlanýan adam bolsa ony tanaýanlaryň, ol hakda bilýänleriň kalbynda müdimi ýaşaýar.
Umuman, öz ýaşan döwründe ylym-bilimden ýeterlik paýyny alyp, ajaýyp şygyrlar döredip, halkyna we dünýä halklaryna egsilmez ruhy hazyna miras goýup giden Magtymguly Pyragynyň ýol-ýörelgeleri bu günki günde ýüzläp, müňläp şägirtleri tarapyndan dowam etdirilýär. Goşgulary ürç edilip okalýar, öwrenilýär, aýdymçylarymyz-bagşylarymyz tarapyndan aýdym görnüşinde ýerine ýetirilip halka ýetirilýär. Bu işleriň özi bolsa halky bilen ýürekdeş bolan, ata Watanyny, il-gününi jandan söýen, türkmen halkynyň ýürek sesini, arzuw-umytlaryny şygra geçirip, soňky nesillere ýadygär galdyran akyldar şahyra, onuň giň ummana deňelýän döredijiligine goýulýan belent hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.