«KIDS EXPO: ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN» ATLY HALKARA SERGI ÝARMARKASY

     Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň giň meýdançasynda ir säher bilen Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi ýarmarkasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň, ýakyn we uzak ýurtlarynda çagalar harytlary we hyzmatlary pudagynda işleýän kärhanalar, guramalar, hünärmenler we jemgyýetçilik birleşikleri, telekeçiler, hususy şahslar gatnaşdylar. Gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Sergi-ýarmarkasy oýunjak, bilim, saglyk, güýmenje we beýleki goşmaça hyzmatlar ýaly çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň ähli ugurlaryny öz içine alyp, onda hil taýdan başgada, oýunlar we çagalar önümleri pudagyna aýratynlygy bilen tapawutlanýan we ugurtapyjylygy görkezýän adaty we az tanalýan markalar hem görkezildi. Çagalar üçin gurnalan oýun meýdançasy bolsa olaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda bagtyýarlygyň goýnunda kemala gelýän nesilleriň ýürekleri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerden doly.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet

we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY