Akylly şäherler adamlaryň durmuşyny has amatly etmek üçin döredilýär. Şunda köçeleriň dizaýnyndan başlap, şäher gurşawyna ornaşdyrylan akylly tehnologiýalar akylly dolandyryş esasynda işleýär. Singapur, Sýurih we Oslo şäherleri bilen okyjylary begendiren rubrika bu gezek sizi awstraliýalylaryň nukdaýnazaryndaky «Kiçijek Şweýsariýa», ýagny owadan ýaşyl tebigaty we daglary bilen meşhur bolan Kanberra syýahata çagyrýar. Geljekde dünýäniň onlaýn akylly şäherlerine bolan syýahatyny giň gerimde giňeltmegi ugur edinýän bu rubrika öz okyjylaryny Ženewa, Kopangagene, Lozanna, Helsinki şäherlerine guraljak gaýybana ajaýyp syýhatlary bilen begendirmegi maksat edinýär.
Kanberra Awstraliýa Arkalaşygynyň paýtagty hasaplanyp, daş-töweregi daglar bilen gurşalandyr. Aýratyn hem, bu gözel şäheriň diýseň ýumşak howasy we örän owadan tebigaty bar. Bu şäherde halkyň ynanjyna görä, iň bagtly adamlar ýaşaýar. Bagt hakda gürrüň edilende, bu ýerde adamlaryň ýaşaýan ömürleriniň dowamlylygy, işiň bolmagy we aýlyk derejesi göz öňünde tutulýar. Awstraliýalylar öz ýurtlaryny gaty gowy görýärler we köp babatda birinji bolmaga öwrenişýärler. Bu ýer Wi-Fi-yň doglan ýeridir. Simsiz maglumat geçiriş tehnologiýasy 20 ýyldan gowrak ozal Awstraliýa Arkalaşygynyň paýtagtynda döredildi. Meşhur goýun derisinde edilen aýakgaplar hem hem bu şäherde oýlanyp tapyldy.
Kanberra özboluşly heýkelleriň we häzirkizaman binalaryň şäheridir. Soňky birnäçe ýylda bu ýerde düýbünden üýtgeşik dizaýn bilen tapawutlanýan beýik binalary görmek mümkin. Welosiped sürmek Kanberrada adaty ulag görnüşi bolup, köplenç jahankeşdeler tarapyndan ulanylýar. Seýilgähleriň we baglaryň gözelligi, daş-töweregi daglar bilen gurşalan şäher syýahatçylara ony Awstraliýanyň merkezindäki «Kiçijek Şweýsariýa» diýip atlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Şäheriň akylly şäher başlangyçlary, şol sanda akylly yşyklandyryş ulgamy, arassa energiýa we gaýtadan dikeldilýän başlangyçlar, ýol hereketini dolandyrmak ulgamlary şäher hyzmatlarynyň netijeliligini we dowamlylygyny ep-esli ýokarlandyrdy. Ygtybarly ýokary tizlikli internetiň ählumumy birikmegi uzakdaky işleriň ösmegini goldaýar. Kanberrada innowasiýa merkezlerini köpeltmäge aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin, bu ýerde şeýle merkezler köpdür. Ýurduň dolandyryjylary şeýle merkezleri döretmek üçin telekeçilik başlangyçlaryny işjeň goldaýar we iş ýerleriniň tehnologiýalar bilen üpjünçiligini bolsa, aýratyn üns merkezinde saklaýar.
Awtoulaglar islendik uly şäherde durmuşyň bir bölegidir. Awstraliýanyň beýleki şäherleri bilen deňeşdirilende, Kanberrada ýaşaýjylar ulag dyknyşyklaryndan howatyrlanyp ýaşaýardylar. Şäherde durmuşa geçirilen akylly şäher taslamalary arkaly bu meseläniň çözgüdi tapyldy. Ýol hereketiniň ajaýyp innowasion ulgamy döredilip, ulaglaryň kadaly hereketi üçin akylly dolandyryş kepillendirildi.
Hünärmenler pyýadalara ulagyň nirededigini bilmäge mümkinçilik berýän awtobuslara GPS nawigatorlaryny oturtdylar. Maglumatlaryň derňewi pyýada geçelgeleri we ýol yşyklary baradaky giňişleýin maglumatlary almaga kömek edýär. Garry we maýyplygy bolan adamlar üçin ýoldan geçmegiň wagty Singapurda akylly kartoçkalaryň ulanyp bolşy ýaly ulanylýar.
Saglygy goraýyş meselesine aýratyn üns berilýär. Netije-de bolsa, ömrüň dowamlylygy artýar, bagtly adamlar köpelýär. Ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny köp adam üçin nädip elýeterli etmek barada şäherde aýratyn alada edilýär. Bu ýerde indi garry we näsag adamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin programmalar hem bar. Şeýle programmalar arkaly garry, maýyplygy bolan ýa-da näsag adamlaryň uzakdan gözegçiligi alnyp barylýar. Bu bolsa, şeýle adamlaryň ýaşaýan ýerinde düşeginde ýatandygy ýa-da ýykylmandygyny wagtynda anyklamaga kömek edýär. Has täsin ýeri, şäheriň akylly dolandyrylyşynda adamlaryň ýaşaýan salgylarynda temperatura datçikleri bar. Şeýle tilsimatlar öý eýesine jaýyň aşa sowukdygy ýa-da aşa yssydygy baradaky habary uzakdan almaga mümkinçilik berýär.
Adamlaryň özlerini has erkin we bagtly duýmagy üçin şäherde dürli giňişlikleriň utgaşmasy döredildi. Adamlar şäher töwereklerinde ýaşaýarlar we işleýärler, seýilgählerde we meýdançalarda dynç almaga gelýärler. Bu ýerde seýilgählerde we oýun meýdançalarynda zeper ýa-da tertipsizlik ýüze çyksa, şäher hyzmatlaryna duýduryş berýän datçikler hem bar. Kanberrada akylly şäher meýdançalary döredilip, uçarmansyz uçarlaryň şäherde howpsuz hereket etmegi üçin hem mümkinçilik döredilipdir.
Digital Planet reýtingini düzýän doktor Bhaskar Çakrawortiniň pikirine görä, akylly şäherler üçin döredilýän innowasiýa maýa goýumlary ýurtlaryň durnukly geljegini üpjün edýär we hususy başlangyçlar üçin esas döredýär. Başlangyçlar we täzelikler diňe bir adamlaryň durmuşyny gowulaşdyrmak bilen çäklenmän, ykdysadyýetiň ösmegine hem kömek edýär. Bu akylly şäherler babatynda hem şeýledir.
Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,
žurnalist, TMÝG-niň işjeň agzasy.