ARASSA HOWA – SAGLYGYŇ GÖNEZLIGI

     Adamzat hem tebigat biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gözellik çeşmesi, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanylýan tebigat müňýyllyklaryň dowamynda öz baýlyklaryny adamlara sahylyk bilen eçilip gelýän genji-hazynadyr. Tebigatda her zadyň orny, öz gerek ýeri bar. Howa, suw, gün – bular birigip, ýaşaýşy hem-de özüne çekiji gözelligi emele getirýär.

     Adamlaryň saglygy belli bir derejede tebigatyň arassalygyna bagly bolup durýar. Daşky gurşawa ýetirilen sähelçe zyýanyň ýaşaýşa näderejede ýaramaz täsir edýändigi biziň hemmämize mälim. Tebigat näçe gözel, ynsan ýaşaýşyny gurşap alýan ýer, suw, howa näçe arassa bolsa, adamyň saglygy üçin şonça-da peýdaly.

     Mälim bolşy ýaly, adamyň ýaşaýşy üçin zerur üç sany tebigy şert bar: dem almak üçin howa, içmek üçin suw we bedeniň kadaly işlemegi üçin iýmit gerek. Adamyň ýaşamagy üçin howa iň zerur tebigy şertleriň biridir. Şol sebäpli-de adamyň saglygy, abadan ýaşamagy üçin dem alýan howamyzyň arassalygyny üpjün etmek wajyp wezipedir.

     Ýer togalagynyň ähli ýeriniň tebigaty, howasy birmeňzeş däldir. Dünýäniň bir künjegi yssy howaly, ýakyp-ýandyrýan çölli bolsa, beýleki bir ýerinde belent daglar howalanýar. Käbir obadyr şäherler, hatda tutuş ýurtlar 4 tarapy suw bilen gurşalan adalarda ýerleşýär. Ýerleşýän tebigy şertlerine görä, olaryň howasy özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

     Dag ýerinde seleňläp oturan daglary, gül-gülälekli ümmülmez sähralary, ymgyr Garagum çöli, çyrpynyp ýatan Hazar deňzi bolan türkmen topragynyň özboluşly jana ýakymly, şypaly howasy bar.

     Daş-töweregi gurşap alýan tebigaty, onuň baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak, tygşytly we rejeli peýdalanmak, ýagny, ýaşaýşymyzyň gönezligi bolan daşky gurşawymyzy gözümiziň göreji deýin goramak her bir adamzadyň öňünde duran gaýragoýulmasyz meseleleriň biridir.

     Bedew bady bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, daş-töweregimiziň gözelliklerini gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak we olary halkymyzyň eşreti üçin ulanmak barada asylly işler alnyp barylýar. Çünki ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugrudyr.

     Daşky gurşawy goramak baradaky kanunlaryň talaplaryny halk köpçüligine düşündirmek, ilaty tebigy baýlyklary, ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerini gorap saklamak we olardan tygşytly peýdalanmak ruhunda terbiýelemek boýunça goraghanalar we daşky gurşawy goramak ulgamyna degişli edaralar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan hem birnäçe köpçülikleýin işler alnyp barylýar. Hünärmenlerimiz tarapyndan alnyp barylýan işleriň has netijeli bolmagyny gazanmak maksady bilen, halk köpçüliginiň arasynda, edara-kärhanalarda, mekdeplerdir çagalar baglarynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

     Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri hem üstünlikli alnyp barylýar. Oňa laýyklykda, welaýatymyzdaky Bötendag belentliginiň töwereklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary we tagallalary netijesinde, müňlerçe gektar ýerde agaç nahallary ekildi we bu işler üstünlikli dowam etdirilýär. Oturdylan agaç nahallary boý alyp, saýaly we miweli baglygy, uly gür tokaýlygy emele getirýär. Olar diňe bir gözel tebigatymyza bezeg bermän, eýsem dem alýan howamyzyň arassa bolmagyna-da ýardam edýär. Munuň özi, biziň ýerimiziň, howamyzyň, tutuş töweregimiziň arassa ekologiki ýagdaýyny üpjün eder. Diýmek, bütin töweregimiz tämiz bolar we öňküden-de gözelleşer.

 

Mira ARTYKOWA,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň

Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

14 Noýabr 2024 | 221 okalan

GIŇ DÜNÝÄNIŇ GEŇ ÖSÜMLIGI

12 Noýabr 2024 | 139 okalan

GUGA ÇIGILDEMI