HALK MASLAHATY – DÖWLETLI ÝÖRELGELERE BADALGA

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Üstümizdäki – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça il-ýurt bähbitli tutumly işler durmuşa geçirilýär.

     Häzirki görkana günlerimiziň çogly kuýaşy kibi ajaýyp döwürde milli ykdysadyýetimiziň binýady has-da berkidilýär, kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Bu işleriň hemmesi kuwwatly döwletimiziň durmuşa geçirýän işleriniň halk bähbitlidigini, bagtyýar geljegimizi üpjün edýändigini aýdyň beýan edýär. Bilşimiz ýaly, döwür ösýär we kämilleşýär. Bu ugurda jemgyýetiň ösüşini üpjün etmekde möhüm işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi, ähli watandaşlarymyzda buýsanç döredip, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmaga ruhlandyrýar.

     Şöhratly ata-babalarymyzyň milli ýörelgeleriniň dowamata atarylýan täze taryhy eýýamynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halk köpçüliginiň gatnaşmagyny üpjün etmekde, jemgyýetiň agzybirligini berkitmekde, milli demokratiýany ösdürmek ugrundaky tagallalary üstünlikli durmuşa geçirmekde halkymyzyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr. Şöhratly pederlerimiziň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly asylly ýörelgeleriniň dabaralanýan ajaýyp döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler raýatlarymyzyň kalbynda çäksiz hoşallygy döredýär. Her ýylda uly ruhubelentlikde geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilmeginde uly many bar.

     Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini täze taryhy döwrümiziň belent ruhuna beslemek ugrundaky işlere giňden badalga berildi. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary hem-de welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, umumymilli forumyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek, şeýle-de, güneşli Diýarymyzy ähli taraplaýyn gülledip ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen bagly teklipleri toplamak işlerine girişildi.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde il-ýurt bähbitli wajyp çözgütler kabul ediler. Bu bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň okgunly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete öwrüler. Çünki, Türkmenistan döwletimiz bu gün syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp jümlesiniň iş ýüzünde üstünlikli amala aşýandygynyň aýdyň güwäsidir.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşýanlaryň arasynda Ýaşlar guramasynyň agzalaryna giň ornuň berilmegi hem ýaşlara uly ynam bildirilýändiginden nyşandyr. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we onuň agzalary Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisine häzirki wagtdan işjeň taýýarlyk görýärler.

     Halk bähbitli beýik işleriň rowaçlanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi babatynda beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, Watanymyzyň röwşen geljegi ugrunda alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaç alsyn !

 

Hurşida ATAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Noýabr 2024 | 221 okalan

GIŇ DÜNÝÄNIŇ GEŇ ÖSÜMLIGI

12 Noýabr 2024 | 139 okalan

GUGA ÇIGILDEMI