HALK MASLAHATY – DÖWLETLI IŞLERE BADALGA

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkynyň toýlary toýlara ulaşýar. Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny uludan toýlarys. Şeýle şanly baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçiriler. Türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleri bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda dowamat-dowam bolýar.

     Döwlet ähmiýetli işleri, il-ýurt bähbitli meseleleri maslahatlaşmak türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däbi. Taryhda ata-babalarymyz hem il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda uly maslahat geçirip, il-ýurt bähbitli meseleleri geňeşli çözüpdirler. Bu barada ata-babalarymyzdan miras galan nakyllar, atalar sözleri hem bize ýol-ýörelge bolup durýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlen nakyllar türkmen halkynyň her bir işi maslahatly edýändigini aňladýar.

     Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň we pudaklarynyň işini kämilleşdirmeklige gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek, şeýle-de, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meselelere seredilip, oňyn çözgütler kabul edilýär. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, biz bu döwletli geňeşiň toý ruhuna beslenmegi üçin onuň taryhy ähmiýetini halkyň arasynda wagyz edip, öz  goşandymyzy goşarys.

     Biziň netijeli iş alyp barmagymyz ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä nusgalyk tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin !

 

Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher

merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

14 Noýabr 2024 | 221 okalan

GIŇ DÜNÝÄNIŇ GEŇ ÖSÜMLIGI

12 Noýabr 2024 | 139 okalan

GUGA ÇIGILDEMI