Ynha, bu günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde degişli işleri guramak, bu döwlet derejesinde geçirilýän syýasy çäräniň ähmiýetini halkyň arasynda wagyz etmek, mejlise dürli ulgamlarda göreldeli zähmet çekýän işgärleri, ýaşlary hödürlemek maksady bilen, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar.
Bu günki gün halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar ýaşaýar, gurýar, döredýär. Bedew batly ösüşli ýurtda halkymyzyň her bir güni zer harplar bilen taryha ýazylýar. Il-ýurt bähbitli meseleleriň halkyň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülmeginiň, Garaşsyz döwletimizde agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda ähmiýetiniň iňňän ýokarydygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Munuň özi, milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygyny, halk bähbitli, il-ýurt ähmiýetli başlangyçlaryň bütin dünýäde giň seslenme döredýändigini aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek mejlisinde-de döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemleniler, şeýle hem, häzirki talaplardan, täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de, eziz Diýarymyzyň geljeginiň gülläp ösmeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de, döwrebap özgertmeleri giňden durmuşa geçirmegiň, milli demokratiýany dabaralandyrýan çäreleriň has-da dabaralandyrmagyň, milli kanunçylygymyzy ählumumy ykrar edilen kadalar esasynda kabul etmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlener. Ýurdumyzyň taryhynda aýratyn möhüm ähmiýete eýe boljak taryhy wakada, ýagny, Aşgabat şäherindäki Maslahatlar köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda orta alnyp maslahatlaşyljak pikirlerde, çykaryljak çözgütlerde halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen, esasan hem, ata Watanymyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň ykbaly, olara milli ruhda terbiýe bermek, ylymly-bilimli, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşjak kämil ýaşlary kemala getirmek babatynda hem aýratyn durlup geçiler, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň has-da ýaýbaňlandyrylmagy üçin halkymyzyň we ösüp gelýän ýaş nesilleriň geljegini nazarlaýan oňyn çözgütler kabul ediler.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.