Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen, çaphana ulgamyny ösdürmek hem-de onuň maddy binýadyny has-da pugtalandyrmak, çap edilýän çap we neşir önümleriniň hilini ýokarlandyrmak boýunça bimöçber uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda çap edilýän metbugat neşirleri, okuw kitaplary, ylmy gollanmalar, çeper eserler özüniň ýokary hilli bezegi we baý many-mazmuny bilen sazlaşyp, özboluşly neşire öwrülýär. Munuň özi, çaphana ulgamynda ösen innowasiýalaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanylýandygyny aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary bolsa, kitaba gadyr goýýan halkymyz üçin gymmatly sowgatdyr.
Kitap adamzadyň iň bir eziz gören gymmatlygy hökmünde asyrlarboýy arzylanyp, sünnälenip gelipdir. Türkmen gojasynyň bir guba düýesini kitaba çalşan döwri hem uzak däl. Gojanyň paýhasy we parasady soňky nesiller üçin unudylmajak nesihat bolup, hakydalara siňdi we bize bu nesihat miras galdy. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda çaphana ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we dünýäniň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça uly özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde kitap dükanlarynyň işiniň ýola goýulmagy ilatymyzyň arasynda giň goldawa mynasyp boldy. Indi raýatlarymyz ähli ýerlerden elýeterli bahadan özleriniň oňat görýän kitaplaryny satyn alyp bilýärler. Kitapsöýüjiler şeýle döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarlar.
Döwür barha kämilleşmek bilen öňe barýar. Tehnologiýalaryň sany hem artyp, gün-günden öňküsiniň hem üstüni ýetirýän kämil enjamlar oýlanyp tapylýar we önümçilige ornaşdyrylýar. Olaryň her biri biri-birinden kämilligi, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Muňa garamazdan, kitabyň gadyr-gymmaty henizem saklanyp, kitaplar her bir kitap okyjylaryny mydamada begendirip gelýär. Täze kitabyň çap bolandygy hakdaky gündelik neşirlerde beýan edilýän hoş habarlar her bir okyjy üçin ajaýyp täzelik bolup garşylanýar. Neneň şeýle bolmasyn, kitap eziz, onuň gadry has hem eziz.
Maýa ÇOWDUROWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.