SPORT KÄMILLIGE TARAP

     Ýakynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň gurnamagynda «Sport kämillige tarap» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça çagalaryň arasynda sport çäresi geçirildi. Bu çärede çagalar surat çekmek hem-de küşt, şaşka oýunlary boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

      Dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde şeýle çäreleriň, döredijilik bäsleşikleriniň ýörite meýilnama esasynda yzygiderli geçirilmegi tomus paslynda dynç alýan çagalaryň şadyýanlygyny artdyrýar. Dynç alýan körpeler tebigat bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, ajaýyp duýgulary başdan geçirýärler. Munuň özi ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesilleriň manyly dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň beýanydyr.

 

Ogulbibi MESKUTOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýul 2025 | 3 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 42 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 44 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI