TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLAR BARADAKY DÖWLET SYÝASATY: MÜMKINÇILIKLERIŇ WE HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE UGURLARY

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ýaşlar baradaky syýasat bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, döredijilik mümkinçiliklerini açmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylmagy, ýaşlar üçin ýörite döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi, ýaşlar bilen iş alyp barýan jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleşdirilmegi hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky mysalydyr.

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasyny ýaşlaryň bilim, hünär, sport, medeniýet, sanly ulgam we işewürlik başlangyçlary ýaly ugurlarda has kämilleşmegini nazara alýar. Şeýle-de bilim ulgamyndaky özgertmeleriň çägindäki halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi ýaşlaryň dünýä derejesindäki bilimlere eýe bolmagyna giň ýol açýar. Şol bir wagtda Türkmenistan ýaşlar syýasatynda diňe bir içerki ösüşe däl, eýsem halkara hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar esasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolmagy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasyp. 2025-nji ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän  BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň çäginde geçiriljek Ýaşlar forumy bolsa, türkmen ýaşlary üçin ösüş we dostluk köprüleri gurmaga giň mümkinçilik döreder.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda meýletinçilik hereketine uly üns berilýär. Häzirki wagtda ýaşlar jemgyýetçilik başlangyçlarynda, ekologiýa, saglyk, bilim we medeni çärelere işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa olaryň jemgyýetdäki ornunyň has-da güýçlenýändigini aňladýar.

Ýaşlara döredilýän mümkinçilikleriň arasynda sanly ulgamyň orny barha artýar. Onlaýn okuwlar, sanly platformalar arkaly bilim almak, döredijilik işlerini ýaýratmak, işe ýerleşmek ýa-da öz işini açmak ýaly mümkinçilikler, döwletimiz tarapyndan döredilen elektron hyzmatlar we sanly portallar ýaşlaryň döwrebap durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine ýardam berýär.

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty häzirki döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze mümkinçilikleriň döredilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ýaşlaryň döredijilik, telekeçilik we jemgyýetçilik işjeňliginiň artmagy döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Geljegiň mizemez binýady ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp bilmegi ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň durnukly ösüşine güýçli itergi berýär.

Ýurdumyzda ýaş nesil baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, olaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy we döwrebap terbiýelenmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Begençmuhammet MUHAMMETSÄHEDOW

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Öňki makala

GYZ EDEBI – IL EDEBI

Meňzeş habarlar