WELOSPORT: TEBIGAT BILEN SAZLAŞYK

Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sportuna hem aýratyn üns berilýär. Çünki welosiped sürmek adamyň saglygyna özüniň onuň täsirini ýetirýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak beden myşsalarynyň we immunitetiň berkemegine, ganyň düzümindäki artykmaç süýjilikden saplanmaga ýardam berýär. Dem alyş çuňlaşýar we öýkeniň howa çalşygy ýokarlanýar.

Welosiped sportunyň özboluşly döreýiş taryhy bar. 1816-njy ýylda Germaniýaly alym Karl Fon Draýs welosipedi oýlap tapmak baradaky rugsatnamany alýar. Peýda bolanyndan bäri, ulag serişdesi bolmak bilen bir hatarda ol sagdynlygyň we ruhubelentligiň nyşanyna öwrüldi. Welosiped diňe bir fiziki hereketiň serişdesi bolman, şäherleriň köçelerinde awto ulag dyknyşygy azaltmaga, howanyň hapalanmagyny peseltmäge we adamlaryň saglygyny güýçlendirmäge hyzmat edýär. Köp ýurtlarda welosiped jemgyýetçilik ösüşiniň bir görkezijisi hökmünde kabul edilýär.

Welosiped sportunyň XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda meşhurlygy artyp başlaýar. 1869-njy ýylda Fransiýanyň Pariž we Ruan şäherleriniň arasynda ilkinji iri ýaryşlar geçirilip başlaýar. Türkmenistanda hem bu sportuň köpýyllyk taryhy bar. 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýeti döredilýär. Welosportyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilendigini nygtamak bolar. Şeýle-de 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. 2021-nji ýylda Aşgabatda welotrek sporty boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi ýaşlaryň sportuň bu görnüşine bolan höwesini has-da artdyrdy.

Aýna GELDIMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölümiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar