BELENTDIR ZENAN SARPASY

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda Büzmeýin etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz mähir bar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler, gadymdan bäri dowam edilip gelýän döwletlilik ýörelgeleriň, türkmeniň ganyna siňen päk ahlak gymmatlyklaryň, adamkärçilik sypatlaryň, ene-mamalarymyzyň diňe bir maşgalanyň içinde däl, tutuş jemgyýetdäki öwüt-ündewleriniň, terbiýesiniň biziň günlerimize gelip ýetendigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyşlarda bellenişi ýaly, türkmen zenanlary sungaty, milli el işleri, maddy we ruhy baýlyklary bilen dünýäde meşhurdyr. Zenanlaryň sarpalanýan, olaryň mukaddeslige deňelýän ýurdunda ýaşamak, döredijilikli, halal zähmet çekmek uly bagtdyr.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar enelerimiziň sarpasyny belent tutup, mertebesini beýgeldýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

 

Mährijemal ATAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

10 Fewral 2025 | 61 okalan

BIZ OWAZ BILEN

10 Fewral 2025 | 49 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

07 Fewral 2025 | 1664 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI