WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň lukmanlarynyň we şepagat uýalarynyň gatnaşmagynda «Halk maslahaty – parahatçylygyň, jebisligiň mizemez binýadydyr» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler, pederlerimiziň asylly ýörelgesi häzirki wagtda döwlet syýasaty derejesinde döwrebap röwüşde üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýokary derejede geçirmäge hemmetaraplaýyn, jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdylar. Şunda ilat arasynda döwletimiziň durmuşynda wajyp orun eýeleýän bu umumymilli forumyň ähmiýetini düşündirmegiň möhümdigi bellenildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar parahat geljegimiz barada edýän atalyk aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

 

Aýnagözel ORAZDURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Fewral 2025 | 61 okalan

BIZ OWAZ BILEN

10 Fewral 2025 | 49 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

07 Fewral 2025 | 1664 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI