SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Bagtyýarlyk sport toplumynda TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň gurnamagynda tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda sport çäresi geçirildi. Çärede çagalaryň wagtlaryny gyzykly, netijeli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen küşt, şaşka, tennis, basketbol we uzak aralyga ylgamak ýaly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýaryşda çagalar öz ukyp başarnyklaryny, zehinlerini görkezip, gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan çagalar özleri üçin döredilýän şertler, mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Rüstem MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

11 Fewral 2025 | 5 okalan

GYZYKLY GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

10 Fewral 2025 | 213 okalan

BIZ OWAZ BILEN

10 Fewral 2025 | 198 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI