GEPLEŞIGIŇ TÄZE SANY ÝAZGY EDILDI

     Ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde taýýarlan «Durmuşyň gymmaty – saglyk» atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi.

     Gepleşigiň myhmanlary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan çagalar hem-de gaznanyň howandarlygynda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara Matematika olimpiadasyna gatnaşyp toparlaýyn 2-nji orna, altyn medala eýe bolan ýaşlarymyz gatnaşdylar.

     Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan körpe nesiller öz saglyklaryna gowşandyklary üçin özleri üçin döredilýän şertler, mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden sagbolsun aýtdylar.

 

Ajap BAÝGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýul 2025 | 3 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 42 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 44 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI