Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap hem-de Berkararlyk etrap Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda 2024-nji «Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri boýunça «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä ýüzünde giňden bellenilýän ýylynda, Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň durmuşynda ýene-de bir şanly waka bolup geçjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemgyýetimiziň jebisliginiň, ilimiziň agzybirliginiň, milli demokratiýamyzyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsi bolup dabaralanjakdygy barada, oňa görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda çykyş etdiler, şeýle hem halkymyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.