MARY WELAÝATYNDA TÄZE OKUW ÝYLYNDA TÄZE BIR ORTA MEKDEP WE ÇAGALAR BAGY ULANMAGA BERLER

     Mary welaýatynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli bir sany orta mekdep, bir sany çagalar bagy ulanmaga berler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

     Habarda bellenilişi ýaly, häzir Mary şäheriniň Bitaraplyk köçesiniň ugrunda ýerleşýän 500 orunlyk orta mekdepde hem-de Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň Saryýazy obasyndaky 160 orunlyk çagalar bagynda olaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýär.

     Şeýle hem täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde welaýatda hereket edýän bilim edaralarynda abatlaýyş işleri tamamlandy. Netijede, orta mekdepleriň 3-sinde, çagalar baglarynyň hem 3-sinde düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, olar okuw ýylyna taýýar edildi.

     Şonuň bilen birlikde-de, welaýatyň bilim edaralarynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar diýlip, habarda bellenilýär.

 

turkmenportal

28.08.2024ý.