TÄJIGISTANDA MAGTYMGULYNYŇ ADYNY GÖTERÝÄN MEKDEP AÇYLDY

     Şu gün Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşigiň çäginde Magtymguly Pyragy adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy.

Täze mekdebiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

      «Howar.tj» täjik habarlar gullugynyň habar bermegine görä, täze mekdebiň açylyşyna Türkmenistanyň we Täjigistanyň ýokary derejeli wekiliýeti gatnaşdy. Bellenilişi ýaly, bu mekdebiň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylda Täjigistana amala aşyran saparynyň dowamynda badalga berlipdi.

Türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan täze mekdep 540 okuwçy okatmak üçin niýetlenendir.

     Täjigistanyň Prezzidenti gutlag çykyşynda mekdebiň gurluşyk işleriniň gysga wagtyň içinde tamamlanandygyny kanagatlanma bilen belläp, dostlukly Türkmenistanyň Hökümetine hemmetaraplaýyn goldaw üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

     – Bu mekdepde ýaş neslimiziň täze bilim tehnologiýalary we häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan otaglarda okamaklary üçin ähli mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasynda çuňňur strategik hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary yzygiderli berkitmegä we giňeltmäge şert döredýär. Şunda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

     Täjigistanyň döwlet Baştutany çykyşynda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň adynyň täze mekdebe dakylmagynyň aýratyn mana eýedigine ünsi çekdi.

Mekdebiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem göni aragatnaşyk arkaly gutlag sözi bilen çykyş etdi.

     Döwlet Baştutany Täjigistanyň Prezidentini we dabara gatnaşyjylaryň hemmesini Bilimler we talyp ýaşlar gününde dabaraly ýagdaýda açylýan, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda gurlan Magtymguly Pyragy adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylmagy bilen gutlady. Şeýle-de Täjigistanyň Prezidentine iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hemişe üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

     Ozal habar berşimiz ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji awgustda Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynyň barşynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda gurlan umumybilim berýän orta täze mekdepde okajak okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna kompýuterleriň gowşurylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň halkara derejede-de dabaralandyrylýandygynyň güwäsine öwrüler.

 

turkmenportal

01.09.2024 ý.