GARAŞSYZLYK – HALKYŇ BEÝIK YKBALY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Duşuşygyň barşynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy, özygtyýarly döwletimiziň berkararlygy, nesilleriň we döwürleriň synmaz ruhy baglanyşygy, ata-babalarymyzyň Watanymyzyň Garaşsyzlygy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň jebisligi ugrunda köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolandygy baradaky buýsançly söhbetlere uly orun berlip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda hem-de 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada beýan edildi.

     Çykyşlaryň her birinde halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Jennet BABAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Fewral 2025 | 1 okalan

BIZ OWAZ BILEN

10 Fewral 2025 | 4 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

07 Fewral 2025 | 1650 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI