Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň we Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýüniň mejlisler zalynda, şol saglyk öýünde zähmet çekýän lukmanlaryň we şepagat uýalaryň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Halk maslahatyna ýokary derejede görülýän taýýarlyk dogrusynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda jemgyýetimizi mundan beýläk-de jebisleşdirmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda möhüm orna eýe boljak Türkmenistanyň Halk maslahatynda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşen halkymyzyň agzybirliginde kabul ediljek kararlaryň we çözgütleriň Watanymyzy has-da uly sepgitlere ýetirjekdigi barada buýsançly çykyş etdiler şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Oguljahan TÖRÄÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.