Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, asylly däbe görä ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Şeýle dabaralaryň biri Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda 116-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly ýaşlary» ady bilen, şol mekdepde zähmet çekýän mugallymlaryň arasynda geçirildi. Maslahatda çykyş eden mugallymlar hormatly Prezidentimiz tarapyndan ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kabul edilen birnäçe kanunlar, kadalaşdyryjy-hukuknamalarynyň oňyn netijeleri hakynda gürrüň berdiler. Hususan-da asylly däbe görä 1-njy synpa barýan körpejelere hormatly Prezidentimiziň adyndan döwrebap bilimli kompýuter enjamlarynyň gowşurylmagynyň häzirki wagtda ýaş Türkmenistanlylaryň ylym-bilim taýdan kämilleşmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny buýsanç bilen bellediler.
Hoşallyk maslahatynyň dowamynda çärä gatnaşan öňdebaryjy ýaş mugallymlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy hem-de döredilýän şertler, mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Altyn DURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.