Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 147-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda mugallymlaryň, okuwçylaryň gatnaşmagynda «Ýol hereketiň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän biraýlygyň çäklerinde bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça maslahatlary, wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini ýokary derejede guramagyň bilim işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýtdylar.
Häzirki wagtda ýollarda awtoulag serişdeleriniň hereketiniň ýygjamlaşýandygynyň köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güýçlendirilmegini talap edýändigini, ýollaryň hadysasyz bolmagy üçin diňe sürüjiler däl, eýsem pyýadalaryň hem jogapkärçilik çekýändiklerini, şonuň üçin ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünlerine berk eýermegiň möhümdigini nygtap, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.