Ýakynda Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahaty, Bagtyýarlyk etrap kazyýeti, Bagtyýarlyk etrap prokuraturasy, Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Türkmengaz” döwlet kanserniniň okuw merkeziniň işgärleriniň arasynda “Ýangyn howpsuzlygyny düşündirmek, ýangynyň öňüni almak” ady bilen bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda “Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ugur alyp, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, ata Watanymyza özleriniň halal zähmetleri bilen mynasyp goşant goşmaklary hakynda hem-de döwletde tertip-düzgüniň berjaý edilişi barada ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek ýangynyň döräp biläýjek halatynda degişli gulluklara habar bermekleri barada bellediler.
Çäräniň ahyrynda eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Serdar NAZAROW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
hojalyk işleri boýunça esasy hünärmeni.