Ýakynda Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýol hereketiň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykdaky çykyşlarda bellenişi ýaly, bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallalaryň biridir. Sebäbi, asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlarymyzyň yhlasly okamagy, zähmet çekmegi hem-de bagtyýar ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.