Ýakynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler zalynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda şol agentligiň ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Ýaşlar – röwşen gelejegimiz» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda yzygiderli gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň, giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň mynasyp hormatyna we belent abraýyna eýe bolandygy, jemgyýetimiziň günsaýyn kämillige tarap özgermegi, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady aragatnaşyklarynyň alnyp barylmagynyň parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, howpsuzlygyň hem-de umumadamzat hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň ýoly bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň miweleridigi dogrusynda hem-de Bilimler we talyp ýaşlar gününiň ähmiýeti barada çykyşlar edildi. Çykyşlaryň her birinde türkmen hakynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Jeren HAMEDOWA,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar
guramasynyň uly buhgalteri.