Ýakynda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 9-njy şahamçasynyň mejlisler zalynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ady agzalan şahamçada zähmet çekýän hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Ahlak terbiýesi – medeni mirasymyzyň gönezligi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak, watansöýüjilik, edermenlik, arassa ahlaklylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek bilen bagly täsirli çykyşlar edildi. Çäräniň ahyrynda bagtyýar ýaşlaryň ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri, saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Ybraýym HOJABERDIÝEW,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň
sanly ulgam boýunça hünärmeni.