Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de toplumyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde gurnamagynda, şol toplumyň tikin fabriginde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Watanyň geljegi, guwanjy ýaşlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäre ýaşlary watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halal zähmete höwes döretmek maksady bilen geçirilip, onda birnäçe çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan uly işler dogrusynda bellenip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamyna jogap edip, olaryň merdana pederlerimiziň, nurana kalply enelerimiziň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, halal zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmalydygy barada nygtaldy. Çäräniň ahyrynda şeýle mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyş sözleri aýdyldy.
Nurjemal NEPESOWA,
Aşgabadyň dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar
Guramasynyň sanly ulgam boýunça hünärmeni.